Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika ✦ ✦ Gawun agajy barada nämeleri bilmeli?! ✦ ✦ Pawloniýa ― gymmatbahaly agaç ✦ ✦ Türkmen sportunda ýetilen sepgitler ✦ ✦ Bitaraplyk - parahatçylygyň binýady ✦ ✦ Täze ýylym, gadamlaryň mübärek ✦ ✦ Ýer Şaryndaky Gyzgyn we Sowuk Suw Akymlary ✦ ✦ Bitaraplyk – parahatçylygyň beýik taglymaty ✦ ✦ Türkmenistan bilen Türkiýäniň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy artýar ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Rally-reýd» çempionaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk — mertebe
  04.12.2024
161
Bitaraplyk — mertebe

Hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlaryndan gözbaş alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän her günümiz agzybirlikden kemal tapan eziz halkymyzyň ata Watanymyza bolan buýsanjyny barha beýgeldýär. Şeýle şatlykly günlerde biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýuny uly dabaralara besläp, mynasyp derejede garşy alýarys.

 

Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň pederlerimizden gelýän nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda örän uly üstünlikler gazanylýar. Bu ajaýyp taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen ýörelgesine laýyklykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ykdysady, durmuş-medeni ösüş babatynda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň gün-günden gülläp ösüşi halkymyzyň guwanjyna we buýsanjyna öwrülýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Türkmenistanyň abadan we eşretli geljege barýan ýeňişli ýolunyň ygtybarly esaslarynyň bardygyny tutuş dünýä ýüzüne aýan etdi.

 

Ählimiziň şaýat bolşumyz ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň ösüş arkaly parahatçylyga gönükdirilen ýörelgesi dünýä diplomatiýasynyň tejribesine nusga alarlyk goşant goşýar.

 

Türkmen jemgyýetinde syýasy durnuklylygyň we agzybirligiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýar.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
      

Akjagül BAÝRAMOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şaher mugallymçylyk
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.