Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, ajaýyp ýörelgeleri öz içine alýar. Türkmen Bitaraplygy harby bileleşiklere gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de halkara derejesinde emele gelýän kynçylyklary gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan geçen 29 ýylyň içinde parahatçylyk söýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk ýörelgelerini rowaçlandyrmak, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen, parahatçylygy hem howpsuzlygy pugtalandyrmagy şertlendirýän türkmen Bitaraplygynyň şan-şöhratyny belende galdyrdy. Agzybirlik, parahatçylyk, abadançylyk, berkarar döwlet baradaky garaýyşlar, arzuw-umytlar türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda kalbynda besläp gelen arzuwydyr.
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halky parahatçylyk söýüji syýasaty bilen tanalypdyr. Taryhyň ykrar eden hem-de geçmişde dünýäniň öňdebaryjy ösüşini başdan geçiren, medeniýetiň hem-de söwdanyň ojaklary bolan Nusaý, Merw, Köneürgenç ýaly şäherler oňa subutnamadyr. Bu medeni ojaklar Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň özara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we ösüşine oňyn täsirini ýetiripdir.
Türkmen Bitaraplygy energetika, ulag, suw, ekologiýa diplomatiýasy ýaly möhüm ugurlarda hem gatnaşyklaryň ösdürilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty daşky gurşawyň goralmagyny, ilatymyzyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Hormatly Prezidentimiziň «2025-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky teklibiniň BMG-ä agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanmagy döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň rowaçlanýandygyny ýene bir ýola subut edýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin, jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Şadurdy ŞAGULYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.