Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Talyplaryň IV Açyk Halkara Fizika internet olimpiadasy geçirildi
  05.12.2024
261
Talyplaryň IV Açyk Halkara Fizika internet olimpiadasy geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiadada, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Hytaý Halk Respublikasy, Italiýa, Rumynýa, Türkiýe, Laos Halk Demokratik Respublikasy, Belarus, Ukraina, Özbegistan, Kipr, Päkistan, Hindistan, Täjigistan, Gyrgyzstan, Gazagystan we Günorta Koreýa ýaly 17 ýurtdan 450 talyp gatnaşdy.
Olimpiada, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, şeýle hem ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bu çäre, professor-mugallymlaryň we talyplaryň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryna, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri we tejribeleri derňemeklige giň mümkinçilik döretdi.

Çeşme: Education.gov.tm

Aýlar JUMEŞOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby.