Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy
  04.12.2024
83
Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy

Bitaraplyk – Watan goragçylary üçin harby sungatyň pederlerden miras galan milli akyl-paýhas akabasydyr. Ine, şu akabanyň gözbaşynda bolsa milletbaşymyz Oguz han Türkmeniň milli döwletliligiň mizemejek berk binýady bolan parahatçylyk baradaky parasatly wesýetleri durandyr. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasa eýläp, aňrybaş pikir giňişliginde döreden «Mertler Watany beýgeldýär» atly kämil kitabyny okanyňda-da anyk-aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmenleriň harby taryhynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny öwrenmekden başlanýandygynyň tötänleýin däldigi hem hut şu kitapda beýan edilýär.

 

Türkmen öňde-soňda abat we berkarar durmuş üçin göreşen halk. Watanymyzyň basyp öten ýoluny, amala aşyran taryhy işlerini hasaba alsak, bu günki parahatlygymyzyň, Bitaraplyk derejämiziň, ýeten sepgitlerimiziň, ine, şol agyr we muşakgatly döwrüň öwezine berlendigini bilmegimiz gerek. Şeýle beýik derejäni hiç kim mesaňa diýip, eliňe getirip ýa-da ony gazananyňdan soň gorap bermeýär. Onuň üçin göreşmek, gadryna ýetmek talap edilýär. Bu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watançylyk çagyryşyndan ylham alýan harby gullukçylarymyz ata Watanymyzy, Asman-Zeminimizi, baky Bitaraplygymyzy gözüniň owasy deýin ezizleýärler.

 

Garaşsyzlygymyzy alan günümizden başlap, taryhyň müdimi sagady wagtyň täze hasabyny ýöredip ugrady. Şol gün biz öz milliligimize, hakyky türkmen medeniýetimize, sungatymyza we däp-dessurlarymyza dolanyp geldik. Iş ýüzünde Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlapdy. Aslynda, bitaraplyk türkmeniň ganynda bar häsiýet. Garaşsyz Türkmenistan türkmeniň içki häsiýetindäki dawadan-şerden gaça durmak islegini döwletiň daşary syýasaty derejesine galdyrdy.

 

Baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, milli goşunymyzyň goranyş ukyby durnukly pugtalandyrylýar. Şu maksat bilen, onuň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zamanyň iň kämil harby tehnikalary, ýaraglary bilen yzygiderli berkidilýär. Ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak babatda toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda harby ulgamda durmuşa geçirilýän her bir işler eziz Watanymyzyň abadançylygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilendir. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Bitaraplygy, erkinligi, parahatçylygy goramak, ony geljekki nesillere miras galdyrmak bolsa, ähli watandaşlarymyzyň, aýratyn-da biz ― Watan goragçylarynyň mukaddes borjumyzdyr, wezipämizdir.

 

Gaýgysyz AŞYROW,
Türkmenistanyň harby howa güýçleriniň maýory.