Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, Türkmenistanyň mähriban halky Halkara Bitaraplyk gününi giňden we uly dabara bilen belleýär. Bu şanly sene, Türkmenistanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, dünýäniň 185 ýurdunyň biragyzdan goldaw bermegi bilen kabul edilip, parahatçylyk, dost-doganlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan halkara gatnaşyklarymyzy tassyklaýar. Bu sene, diňe bir ýurdumyzyň taryhynda däl, eýsem, halkara giňişlikde hem aýratyn orun eýeleýär.
Bu hukuk derejesi bilen Türkmenistan ähli ulgamlarda uly ösüşlere ýetdi. Ýurdumyzyň halkara abraýy yzygiderli artýar, halkara guramalar, şol sanda BMG, Ýewropa Bileleşigi, GDA, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, ÝUNESKO we beýleki abraýly düzümler bilen gatnaşyklary pugtalandyrylýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu tagallalar, diňe bir ýurt ara hyzmatdaşlygyň giňelmegine däl, eýsem, sebit we ählumumy durnuklylygyň üpjün edilmegine hem uly goşant goşýar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk dabaralary we medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Aýdym-sazly konsert maksatnamalary halkymyzyň ruhubelentligini artdyrýar we şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny güýçlendirýär. Bitaraplyk syýasatynyň esasynda tutuş adamzat bähbitleri üçin parahatçylyk we durnukly ösüş maksatlary üstünlikli amala aşyrylýar.
Azat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň
Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň talyby.