Bosagada ynsan kalplaryna nur çaýyp, ençeme täze-täze duýgulary bagyş etjek Täze — 2025-nji ýyl. Toý-baýramlaryň hemmesi-de gowy. Ýöne şolaryň arasynda Täze ýyl iň eý görülýäni bolsa gerek. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary-da Täze ýyly ýagşy arzuw-niýetler bilen garşy alyp, mukaddes öýüniň ojagynyň hem-de kalbynyň töründen orun berýär. Beýleki toý-baýramlarynda bolşy ýaly, biziň her birimizi öz ajaýyplygy bilen birleşdirýän Täze ýyl baýramynda hem türkmen halkymyzda saçaklar giňden ýazylýar. Ornuny, täze 2025-nji ýyl bilen çalyşýan 2024-nji ýyl hem uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenen ýyllaryň biri boldy. Ýyllardan-ýyllara, ösüşlerden-ösüşlere utgaşyp gelýän döwletimiz, hakykatdan hem, bagtyýarlygyň Watany. Her bir ýyly üstünlikli jemläp, indiki geljek ýyly mynasyp gadamlar bilen garşylamak, indi biziň ilimizde özboluşly däbe öwrüldi. Tamamlanyp barýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem ajaýyp öňegidişlikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi.
Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylyň ýene-de bir möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eserini peşgeş berdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bu kitabyň neşir edilmegi buýsandyryjy wakadyr.
Bu ýylda ýetilen belent sepgitler, ösüşli menziller halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, döwletimiziň dünýä derejesindäki artýan at-abraýynda özüniň mynasyp beýanyny tapdy, ähli ugurlar babatda amala aşyrylan beýik işler giň gerime eýe boldy. Täze – 2025-nji ýylyň hem ýagşy niýetlere, belent maksatlara beslenjekdigine, Watanymyzyň il bähbitli beýik işler bilen şöhratlanjakdygyna mähriban halkymyzyň, biz ýaşlaryň ynamy diýseň uly. Goý, Täze ýylda biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun! Parahat we asuda durmuşyň şatlygy, täze gözýetimleri, mümkinçilikleri açýan ertirki güne ynam hemmämize ýaran bolsun!
Meýlis ARAZMÄMMEDOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.