Anna güni paýtagtymyz Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu strategiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz eksport mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar we öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Türkiýe bu ugurdaky möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup, iki ýurduň gaz pudagyndaky gatnaşygy uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolup durýar.
Türkmen we türk halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esaslandyrýar. Türkiýe häzirki wagtda Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup, ýangyç-energetika pudagynda gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitleýär.
2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary bu hyzmatdaşlygyň täze sepgitlere ýetendigini görkezdi. Şol saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda birnäçe resminama, şol sanda:
• Uglewodorod serişdeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Jarnama;
• Tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekildi.
Bu resminamalar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen birlikde, ileri tutulýan ugurlary kesgitledi we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine bolan ynamyny mälim etdiler. Türkmen we türk hyzmatdaşlygynyň energetika pudagyndaky häzirki sepgitleri diňe bir ykdysady ähmiýetli däl, eýsem strategik hyzmatdaşlygyň mizemez binýadyny döretmekde hem möhüm orun eýeleýär.
Türkmenistanyň gaz eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we Türkiýe bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegi, geljekde sebit we halkara derejesinde energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly goşant bolar.
Ýeňiş Bäşimow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
2-nji ýyl talyby.