Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm baýramlardyr. Bu seneler ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny we milli mirasymyzy dünýä äşgär edýär.
Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan, özüniň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasaty bilen, dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmakda ajaýyp tejribe toplady. Bu tejribe, ählumumy abadançylyk we rowaçlyk üçin täze ugurlary emele getirmäge mümkinçilik döredýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barýar. Bu syýasatyň binýatlyk ýörelgeleri ýurdumyzyň uzak möhletleýin milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigi bilen ysnyşykly gatnaşygyny berkitmekden, şeýle-de halkara parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleriniň çözgüdine öz goşandyny goşmakdan ybaratdyr.
Türkmenistan milli, sebit we halkara derejede parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda işjeň çykyş edýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary halkara derejesinde giň goldaw tapyp, onuň Bitaraplyk syýasatynyň durnukly ösüşe gönükdirilendigini görkezýär.
Türkmenistan Bitaraplyk syýasatynyň taryhy köklerine daýanyp, parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetliligiň dabaralanmagyny üpjün edýän halkara hyzmatdaşlygynyň täze nusgasyny ornaşdyrýar. Bu syýasat sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň berkidilmegine hyzmat edýär.
Jahan Mirabowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby