Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Zebra balygynyň gizlin zäheri
  06.12.2024
242
Zebra balygynyň gizlin zäheri

Zebra balyk deniziň merjen gaýasynyň iň owadan ýaşaýjylaryndan biri hasaplanýar. Zebra balygy Scorpaenidae maşgalasyna degişlidir. Häzir ylymda bu maşgalanyň 11görnüşi mälim edildi. Olaryň arasyndan pterua wolitan - zebra balyk  owadany we iň täsini hasaplanýar. Onuň gaty ajaýyp täsin gurluşy bar. Bedenindäki reňkleriň sazlaşygy bu balyga zebra balygy diýmäge esas. Olara deňiz owadanjalary hem diýilýär.

 

Emma owadanlygyna garamazdan bu balyk zäherliligi bilen tapawutlanýar. Onuň zäherli iňňeleri bolup, giň ýüzgüçleri ganata meňzeýär. Zäher mukdary hatda käbir ýylanlaryňkydan hem ýokary bolýar. Adatça gündiz hereketsiz bolýar. Daşlaryň we merjenleriň arasyndaky gowaklarda gizlenýärler, garnyny deňiziň aşagyna degirip, uzyn we zäherli ganatlaryny açýarlar. 

 

Kiçi balyklar bu balyga ýakynlaşan mahaly zebra balyk ony iýýär. Ol balyklar bu owadanlyga aldanýarlar. 


Ol on sekiz sany zäherli iňňe bilen ýaraglanýar. Arka tarapynda 13 sany iňňe ösýär, üç sany iňňe garyn tarapynda bolýar we ýene ikisi arkasyny goraýar. Iňňäniň tutuş uzynlygy boýunça deriniň inçe gatlagy bilen örtülen zäherli mäzler bar. Her bir iňňe diňe az mukdarda zäher çykarýar, şonuň üçin bir urgy adatça ölüme sebäp bolmaýar.

 

Hüjüm bilen haýbat atylanda zebra balygy yza çekilmeýär. Çalt hereket edip iňňeleri bilen duşmana gaýtawul bermäne synanyşýar. Adatça ölçegleri 30 sm bolýar.

 

Tanzaniýada bary-ýogy 2 santimetrden gowrak ölçegdäki zebra balygy tapyldy, şu dereje kiçijik zadyň şeýle uly gorky döretmegi we owadan keşbi gaty täsindir.

 

Köplenç bu owadan balyklar bilen gyzyklanýan täze deňiz ýaşaýşyny öwrenijiler, oňa degmek ýa-da almak kararyna gelýär. Bu ýerde adam ep-esli zäher bilen erbet  sanjym alýar. Balygyň özi ilki adama hüjüm etmeýär, ýöne basylsa ýa-da degilse, balyk uzyn zäherli iňňeleri bilen hüjüm edýär. Sanjymdan birnäçe minut soň adam agyr agyrylary başdan geçirip başlaýar, soň wagtlaýyn ysmaz bolup biler we ýüzüji suwdan wagtynda çykmasa, ol gark bolup biler. 

 

Zäherlenmek birnäçe sagat dowam edýär we ýüregiň işleýşinde bozulmalar döredip bilýär. Ol Hindi we Ýuwaş ummanynda ýaşaýar. Häzirki wagtda zäherli balyklar tutuş Karib deňzinde koloniýa döretdiler, bu bolsa syýahatçylara şübhesiz howp döretdi.


Taýýarlan: Ogulgerek  ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň  talyby.