Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni ösüşlere we özgertmelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty diňe bir mähriban Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşlerine, halkymyzyň has-da bagtyýar ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýä döwletleriniň halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy taryhy Rezolýusiýany kabul etdi, şoňa laýyklykda, türkmen döwleti deňi-taýy bolmadyk halkara hukuk derejesine – hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Bitaraplyk güni Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp seneleriň biridir. Halkymyzyň alyp barýan oňyn bitaraplyk ýörelgesi gadymy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgeleriniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly: “Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr, parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr”.
Oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürdäki derwaýys meseleleriň çözülmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýar we ykrar edilýär.
Biz talyp ýaşlara okamaga, dünýägaraýşymyzy, bilimimizi artdyrmaga giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny talyp ýüregimizden arzuw edýäris!
Mekan Haýytgulýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalar institutynyň 5 ýyl talyby.