Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy
  05.12.2024
247
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy

2024-nji ýylyň 2-20-nji dekabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) maksatnamasynyň çäklerinde guralýan «Ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak: hyzmatdaşlyk we täjirleşdirmek» atly okuwlara Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşýarlar. Wekilleriň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we dolandyryş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň wekilleri bar.
2-nji dekabrda Waşington şäheriniň Halkara bilim institutynda geçirilen duşuşykda Döwlet Departamentiniň we Halkara bilim institutynyň hünärmenleri maksatnamanyň mazmuny bilen tanyşdyrdylar. Türkmen wekilleri öz edaralarynyň alyp barýan işleri we meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Okuw maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylaryň isleglerine görä goşmaçalar girizmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet gurluşyny çuňňur öwrenmek maksady bilen, Amerika uniwersitetiniň professory Diane Lowenthalyň gatnaşmagynda Federalizm boýunça brifing geçirildi. Brifingde ABŞ-nyň döwlet dolandyryş ulgamy, Federal hökümet bilen ştatlaryň arasyndaky häkimiýet paýlanyşy we saýlaw ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.
Okuwyň esasy bölegi bilim we tejribe alyşmaga gönükdirilen bolsa-da, gatnaşyjylar bilen gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alyşmalar we çekişmeler hem boldy. Bu çäre Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara tejribe gazanmagyna we hyzmatdaşlygy giňeltmegine ýardam eder.

Çeşme: education.gov.tm

Akmuhammet AKMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby.