Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaşlaryň arasynda Robot tehnologiýa bäsleşigi geçirildi
  08.12.2024
277
Ýaşlaryň arasynda Robot tehnologiýa bäsleşigi geçirildi

2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde robot tehnologiýasy boýunça ýaşlaryň arasynda giň möçberli bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigiň çäginde Arkadag, Aşgabat şäherlerinden we ähli welaýatlardan zehinli mekdep okuwçylary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we bilim bilen baglanyşykly we dahylsyz edaralaryň diňleýjileri bilen 200-den gowrak adam gatnaşdy.

Bäsleşik dört görnüşli robot tehnikalary boýunça geçirildi: Sumo robot, Labirint, Line follower robot we Toparlaýyn taslama. Mundan başga-da, robot tehnikasy we programmirleme bilen baglanyşykly bilim edaralarynyň we sergileriniň tanyşdyrylyşy hem üpjün edildi. ANYmaIX robotynyň çykyşy çärä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi we uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň açylyş dabarasynda "Petronas Çаrigali Türkmenistan" kompaniýasynyň wekilleri, Bilim ministrligi we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri çykyş edip, ýaşlara döwrebap bilim almak we ylym-bilim özgertmeleri babatynda hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň talyplary aýdym-saz bilen baýramçylyk ruhuny baglaşdyrdy.
Bäsleşik öňdebaryjy tehnologiýa bilen baglanyşykly giň göwrümli ekranda göni ýaýlym arkaly görkezildi. Bu bolsa ähli bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan synlanyp, netijelere baha bermäge mümkinçilik berdi.

Bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda ýurdumyzyň çetki sebitlerinden gelen mekdep okuwçylarynyň köp bolmagy, robot tehnologiýasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly gyzyklanmanyň bardygyny görkezdi. Bu çäräniň ýaşlara bilim we tehnologiýa babatynda mümkinçilikleri giňden açdy we ilerde uly ösüşlere ýol açdy.