Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika ✦ ✦ Gawun agajy barada nämeleri bilmeli?! ✦ ✦ Pawloniýa ― gymmatbahaly agaç ✦ ✦ Türkmen sportunda ýetilen sepgitler ✦ ✦ Bitaraplyk - parahatçylygyň binýady ✦ ✦ Täze ýylym, gadamlaryň mübärek ✦ ✦ Ýer Şaryndaky Gyzgyn we Sowuk Suw Akymlary ✦ ✦ Bitaraplyk – parahatçylygyň beýik taglymaty ✦ ✦ Türkmenistan bilen Türkiýäniň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy artýar ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Rally-reýd» çempionaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika
  11.12.2024
40
Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika

Şu günüň ählumumy meseleleriniň biri bolan daşky gurşawy goramakda, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde energetikanyň ekologik taýdan arassa görnüşleriniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Sarp edilişi barha artýan energiýa çeşmeleri bolsa häzirki zaman dünýäsiniň hereketlendiriji güýjüdir. Şoňa görä-de, durnukly energetika ugurlaryny ösdürmek wajyp talaplaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika. Halkara tejribäni öwrenmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

 

Türkmenistanda hem energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek işine öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar ýygjamlaşdyrylýar. Şeýlelikde, sebit ýurtlarynyň adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny we taýýarlygyny ýokarlandyrmak, energetikanyň arassa görnüşlerini ösdürmek babatda ÝB-niň goldamagynda birnäçe durmuşa geçirilýär. Şunda gaýtadan dikeldilýän energetika ugurlaryny ösdürmekde, energiýa netijeliligini, onuň bökdençsiz üpjünçiligini gazanmakda Ýewropa ýurtlarynyň tejribesini öwrenmek bähbitli ugur bolup biler. Şol sebäpli ÝB-niň goldamagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okuw sapaklaryny guramak yzygiderli häsiýete eýe boldy.

 

Ýeri gelende bellesek, energiýanyň ygtybarly we durnukly birikmesiniň üpjün edilmegi dürli ulgamlary ýa-da torlary ulanmak arkaly energiýa çeşmelerini daşamak, üstaşyr geçirmek hem-de saklamak ukybyna baglydyr. Munuň özi durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolup, tutuş halkara jemgyýetçiligiň bähbitlerine gabat gelýär. Ine, şu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamalarda öz beýanyny tapypdy. Geçen 2023-nji ýylyň ahyrky günlerinde bolsa şolaryň üsti täze resminamalaryň ýene ikisi — «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» we «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar bilen ýetirildi.

 

Diýarymyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň doly derejede ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmagyň bähbidine hyzmat edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge goşant goşýar.

 

Saparberdi GULOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.