Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika ✦ ✦ Gawun agajy barada nämeleri bilmeli?! ✦ ✦ Pawloniýa ― gymmatbahaly agaç ✦ ✦ Türkmen sportunda ýetilen sepgitler ✦ ✦ Bitaraplyk - parahatçylygyň binýady ✦ ✦ Täze ýylym, gadamlaryň mübärek ✦ ✦ Ýer Şaryndaky Gyzgyn we Sowuk Suw Akymlary ✦ ✦ Bitaraplyk – parahatçylygyň beýik taglymaty ✦ ✦ Türkmenistan bilen Türkiýäniň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy artýar ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Rally-reýd» çempionaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen sportunda ýetilen sepgitler
  11.12.2024
44
Türkmen sportunda ýetilen sepgitler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goramakda, berkitmekde sportuň, bedenterbiýäniň ähmiýeti diýseň uludyr.

 

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde gazanan üstünliklerine dünýä bileleşiginiň berýän ýokary bahasynyň aýdyň nyşanydyr.

 

Türkmenistan döwletimiz ýokary derejeli halkara sport ýaryşlaryny üstünlikli guraýan döwletleriň hataryna ynamly girdi. 2017-nji ýylda ýokary guramaçylykly ýagdaýda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň, 2024-nji ýylda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylymyzyň noýabr aýynda bolsa Olimpiýa şäherçesinde 12 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Aşgabat open 2024» atly halkara ýaryşy üstünlikli geçirildi. Bu halkara ýaryşda ildeşlerimiz özleriniň ýokary ukyp-başarnyklaryny görkezip, eziz Diýarymyzda maksada okgunly, kämil türgenler nesliniň kemala gelýändigini görkezdiler.

 

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, ýurdumyzda sportuň sanly tehnologiýalar bilen bagly ugurlary hem işjeň ösdürilýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýakynda, has takygy, şu ýylyň 2 — 7-nji dekabrynda sportuň innowasion ugurly fijital we kibersport görnüşleri boýunça sport hepdeliginiň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda tapawutlanan türgenler 2025-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde guraljak «Geljegiň oýunlary» atly multisport ýaryşyna gatnaşarlar.

 

Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun!

 

Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.