Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň 4 - 6 - njy dekabry aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine we onuň çäklerindäki Türkmen-türk işewürler geňeşiniň maslahatyna taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy. Bu mesele barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
Geçiriljek sergä Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 70-den gowrak kompaniýasynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Çärede dürli önümçilik pudaklarynyň harytlary: enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlaryny, himiki we gurluşyk serişdelerini, dokma, azyk senagatynyň önümlerini, derman serişdelerini, öý hojalyk harytlaryny, şeýle-de logistika we hyzmatlar ulgamyna degişli önümler görkeziler.
Bu sergi we onuň bilen bagly çäreler türkmen we türk işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň işjeňleşmegine hem-de iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze sepgitlere ýetmegine itergi berer. Bu barada TDH habar berýär.
Muhammet Zahyrow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.