Türkmenistanyň 2024-nji ýyl boýunça oba hojalyk toplumynda gazanylan üstünlikler bu pudagyň ykdysadyýetde we halkyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bugdaý ýetişdirmek we ýygnamak işleri häzirki zaman tehnologiýalarynyň we ylmy çemeleşmäniň ulanylmagy bilen üstünlikli amala aşyryldy. Şeýle hem, pagta ýygymynda 1 million 250 müň tonna golaý pagta hasyly ýurdumyzyň ak altyn harmanlaryna tabşyryldy.
Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça hem möhüm ädimler ädildi. Şu ýyl 2 müň 150 tonnadan gowrak pile öndürildi. Maldarçylyk we guşçulyk pudaklarynda hem ösüş gazanyldy. Gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sany yzygiderli artdyrylýar. Şeýle-de, oba hojalyk toplumynyň ösüşi ylym we ýokary tehnologiýalar bilen berk baglanyşdyryldy. Munuň mysaly hökmünde oba hojalygynda sanly ulgamlaryň we innowasion tehnikalaryň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar.
Bu gazanylan netijeler oba hojalyk pudagynyň döwlet tarapyndan giňden goldanylýandygynyň hem-de halkyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünliklere ýol açýandygyny görkezýär
Ruhşana Talipjanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň
III ýyl talyby.