Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysady ösüş — nurana geljegiň kepili
  28.11.2024
109
Ykdysady ösüş — nurana geljegiň kepili

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de çuňňur oýlanyşykly meýilleşdirilen maksatnamalaryna daýanýar. Milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ösüşine täsir edýän şertleriň ählitaraplaýyn seljerilip, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar.

 

Ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

 

Emele gelen çylşyrymly ekologik, geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar sebäpli, «nämälimlik döwri» diýlip atlandyrylan döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininde pese gaçyşlyk ýüze çykdy. Bütindünýä bankynyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky hasabatynda bellenilişine görä, 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 2,6 göterime barabar boldy. Hasabata laýyklykda, 2024-nji ýylda dünýä ykdysadyýetindäki pese gaçyşlyk bassyr üçünji ýyla uzap, ösüşiň 2,4 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň ykdysadyýeti içerki we daşarky şertlere durnuklylygyny görkezip, yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýylda ykdysadyýetiň esasy görkezijileri, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önüm 6,3 göterim, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak maksat edinilýär. Şunuň ýaly oňyn görkezijiler ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygymyzdan nyşandyr.

 

Türkmenistan ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagy halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň netijeliliginiň görkezijisidir. Halkyň agzybirligi we jebisligi, döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär.

 

Ogulgeldi WELIÝEWA,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň
Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň hünärmeni.