Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzda özboluşly taslamalar esasynda gurlan belent binalary, häzirki zaman ýol-ulag infrastrukturasyny, iri tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýän ajaýyp landşaft emele geldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilýän Aşgabadyň düýpgöter täzelenen keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň okgunly depgini, köptaraplaýyn mümkinçilikleri, baý taryhy we milli medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar. Gözel paýtagtymyz täze binagärlik çözgütleri, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary bilen barha gözelleşýär.
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda açylan “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň we uçurymlaryň döredijilik işleriniň sergisinde hem Aşgabat şäherine bagyşlanan eserleri hem tomaşaçylara hödürlendi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda paýtagtymyzyň keşbi Ybraýym Ýaýlymowyň “Gözel ili türkmeniň” atly grafika eserinde şekillendirilýär. Üç sany eserden ybarat bolan toplum keseligine uzadylan kagyzyň ýüzünde akwarel we guaş boýaglary bilen döredilip, Aşgabat şäheriniň peýzažynyň gözelligini köpöwüşginli ýagty reňk sazlaşygy esasynda şekillendirilýär. Eserleriň birinde Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini “guş uçar beýiklikden” suratlandyrylyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat derejesindäki ähmiýeti barha belende göterilýändigini, onuň filosofik garaýyşlaryna üýtgewsiz isleg häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadygyny aňladýar. Taslamanyň yzky meýilnamasyndaky gök, benewşe, ýaşyl, sary, mämişi we gülgüne reňkleri ýadygärligiň binýadynyň tekizliginde hem şöhlelendirilmegi eserde deňagramlylygy saklamaga ýardam edýär. Suratyň çep tarapynda çekilen dag gerişleri we hatar-hatar bolup ýerleşdirilen arçalary Watanymyzyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişliklerini görkezýär.
“Gözel ili türkmeniň” atly eserleriň beýleki bir böleginde Aşgabadyň agşamlaryndaky owadan binagärlik peýzažyny wasp edýär. Ýerasty geçelgelerinden geçip barýan awtoulaglaryň çyralary paýtagtymyzyň dürli reňkleri bilen öwsüp duran çyradanlaryň, “Zemin” binasynyň, ak mermerli gurluşyklaryň ýagtylandyrylyşy bilen bilelikde agşam alagaraňkynyň täsin owadanlygy bilen sazlaşýar. Çünki eseri synlanyňda asmandaky gülgüne we sary reňkleriň öwüşginleri şäheriň ýagtylandyryş ulgamy bilen meňzeşdigini görmek bolýar.
Üçleme eserleriň ýene-de bir böleginde Aşgabadyň gözel köçeleriň we köpgatly binalaryň şekilleri Köpetdagyň ýerliginde suratlandyrylypdyr. Ýaş suratkeşiň bu eserinde şaýollaryň we köçeleriň ugurlarynda gül ekilýän ýerlerde bezeg hem-de gülleýän ösümlikleriň müňlerçesi ekilip, täsin nusgadaky keşpleri emele getirýändigini hakykylyk bilen suratlandyrýar.
Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe bolandygyny suratlandyrýan Ybraýym Ýaýlymowyň “Gözel ili türkmeniň” atly eserleri berkararlygyň, bagtyýarlygyň, döredijiligiň şäherine öwrülendigini wasp edýär.
Tawus Garajaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri.