Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda
  03.12.2024
219
Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda

Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdynlygy, olaryň sazlaşykly ösüşi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu ugurda öz işine ussat hünärmenleriň, pedagoglaryň kemala getirilmegine aýratyn üns berilýär.

 

Şeýle işleriň hatarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny (inklýuziw bilim) nazara alyp, köpugurly pedagogik işgärleri (transdissiplinar hünärmenleri) taýýarlamak we olaryň işini usulyýet taýdan düzgünleşdirýän ylmy-usuly we okuw-usuly gollanmalary işläp taýýarlamak maksady bilen «Inklýuziw bilim ― deň hukukly gurşaw» ady bilen geçirilen bir günlük okuw hem örän täsirli we netijeli boldy. 

 

Baýramaly şäher bilim bölümi tarapyndan guralan bu usuly ugurly çärä bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulyýetçileri, şepagat uýalary we terbiýeçileri işjeň gatnaşdylar.

 

Okuw pursatlarynda inklýuziw bilim bermegiň aýratynlyklary, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň usullary, olaryň duýgulary, düşünjelerini, görüş-eşidiş, sözleýiş başarnyklarynyň kämilleşdirilişi, mekdebe taýýarlanylyşy bilen bagly çykyşlara orun berildi. Temalaýyn çykyşlarda prezentasiýalardan we görkezme serişdelerden peýdalanyldy. Sapaklardan, öwrediji oýunlardan pursatlara syn edildi.

 

Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp geçirilen bu usuly okuw ähli gatnaşyjlaryň tejribelerini we usuly taýýarlyklaryny artdyrmakda täsirliligi bilen tapawutlandy.

 

Gyzylgül ÖWEZOWA,
Baýramaly şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.