Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýanlyga, her pursatynyň many-mazmuna beslenýän terbiýe ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr.
Çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işlerini maksadalaýyk alyp barmakda döwlet Maksatnamalaryndan, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda kabul edilýän Konsepsiýalardan, kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýarys. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol-ýörelgämiz hasaplap, esasy gollanmalarymyz hökmünde peýdalanýarys.
Şol sanda çagalaryň sagdyn ösmegi, irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň gazanylmagy, milli ruhda terbiýelenmegi babatda köpçülikleýin işlere, çärelere, köpugurly bäsleşiklere taýýarlanmak hem esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli çagalar bakja-bagymyzda säherlikler, dynç alyş döwürleri gyzyklanma çäreleri, göwnaçmalary, gezelençleri hem meýilnamalaýyn esasda gurap, bagtyýar nesillerimiziň ruhubelentligini gazanmaga çalyşýarys. Ata-eneler, mekdep we jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklaryň mazmunly we netijeli guralmagyna hem aýratyn ähmiýet berýäris.
Şol sanda çagalar bakja-bagymyzda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribelerini artdyrmak maksady bilen usuly sagatlary, pedagogik geňeşleri has-da mazmunly we netijeli guramaga üns berilýär.
Çagalaryň mynasyp terbiýelenmegi, zamanabap sowat öwredilmegi ýaly işlere terbiýeçiler, aýdym-saz ýolbaşçylary, daşary ýurt dili mugallymlary bilen bir hatarda, terbiýeçileriň kömekçileriniň hem öz wezipe borçlaryna laýyk yhlasly zähmet çekmäge çemeleşýändikleri bellärliklidir. Olaryň hatarynda terbiýeçiler Aýsoltan Daňatarowa, Maýa Çaryýewa dagy çagalary bäsleşiklere taýýarlamakda, aýratyn zehinleri ýüze çykarmakda has netijeli zähmet çekýärler.
Ajaýyp zamanamyzda çagalar bakja-baglarynda körpe nesillere terbiýe bermäge we sowat öwretmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Dünýägözel ÖWEZOWA,
Türkmengala etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.