Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk taryhy bar we bu gatnaşyklarynyň kökleri parfiýaly döwrüne çenli gidýär. III asyrda, häzirki Türkmenistan çäklerinde dörän Parfiýa döwleti Hytaý bilen dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürip, iki ýurt arasynda diplomatik hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Parfiýa, Hytaý çeşmelerinde "Ansi" diýlip atlandyrylyp, uly we guwatly döwlet hökmünde tanalypdyr. Şol döwürdeki hyzmatdaşlyklar iki ýurduň hem ykdysady, diplomatik we medeni taýdan öňe gitmegine uly goşant goşupdyr.
Türkmenistan bilen Hytaý milli ykdysadyýetlerini hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan taýýarlygyny tassyklaýan şertnama-hukuk binýadyny döretdiler. Şunda 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakyndaky bilelikdäki Jarnama, 2021-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy» aýratyn nygtalmaly resminamalardyr. Bilelikdäki iş üçin ygtybarly binýady emele getiren dürli derejedäki ikitaraplaýyn resminamalara laýyklykda, senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy amala aşyryldy we häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Ýewraziýa giňişliginde iň iri energetika taslamasydygyny bu gün dünýä ykrar edýär.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde HHR-iň iri kompaniýalary işleýärler. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki türkmen harytlaryny satyn alýarlar. Ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle-de ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
Sanjar PERMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.