Bitaraplyk ýörelgesi türkmen halkynyň taryhynda asyrlar boýy dowam edip gelýän özboluşly aýratynlykdyr. Halkymyz goňşularydyr beýleki halklar bilen ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagyň we bir-biregi goldamagyň, hemaýat bermegiň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň ýokary nusgasyny görkezýär.
Bu gün ata Watanymyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip gelen türkmen halkynyň parahatçylyk taglymatynyň berk we gaýym binýady tutuldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde taryhy zerurlyk bolup orta çykdy. Bu belent dereje dünýä halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň belent nusgasy boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzyň içerki syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýlen baş ýörelgeden ugur alýan bolsa, daşary syýasy ýörelgämiz «açyk gapylar», bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, dünýäniň syýasy giňişliginde mynasyp orun tutýandygy, ykdysady taýdan kuwwatlydygy, syýasy taýdan durnukly hem asudadygy, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýandygy, ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýä ýurtlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýandygy nazara alnyp, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek 193 sany BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edildi.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýasy kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň sazlaşykly ösüşine işjeň goşant goşýandygynyň subutnamasydyr.
Halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Seýitmurat PAÝZYLLAÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.