Garward GSD talyplary Kewin Tan we Kelli Fang tarapyndan döredilen gpTea atly çäýnek toplumy çaý demlemegi we ony täsin sowgat bilen utgaşdyrmagy maksat edinýär. Enjam içgini özi demläp, awtomatiki käsä guýýar hem-de ChatGPT ulgamy arkaly ulanyjy bilen söhbetdeşlik edýär.
Toplum hereketli stendde ýerleşdirilen gara çäýnekden we monohrom displeýli käseden ybarat. Ulanyjy içgini alan badyna, gpTea günüň nähili bolandygyny soraýar we dürli hekaýalar bilen hoşniýetli söhbetdeşlik döredýär. Şeýle hem, çäýnek iki ulanyjy üçin global aralykda söhbet gurmak mümkinçiliklerini hödürleýär.
Öndürijileriň bellemegine görä, gpTea ulanyjylara adaty tehnologiýadan has ýakyn dostluk gatnaşyklaryny döretmäge ýardam edýär. Bu täsin enjam täzeçe tejribe hödürlemek bilen, tehnologiýa bilen ynsan gatnaşyklarynyň arasynda täze görnüşli baglanyşyk döredýär.
Arazbagt Gyýtarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.