Berkarar döwletimizde türkmen jemgyýetinde soňky ýyllarda ylym, bilim, hünär meselelerine bolan talaplar düýpgöter täze mazmuna eýe bolýar. Bu ugurdaky talaplar milli ylym we bilim ulgamyny dolandyrmak, onuň jemgyýete peýdaly bolmagyny we durmuşa hyzmat etmegini gazanmak bilen baglanyşykly täze wezipeleri ýüze çykarýar. Bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bu ugurdaky işler tapgyrlaýyn we toplumlaýyn esasda dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hili-de halkara derejesine laýyk ýola goýulýar we ýaş nesle döwrümiziň ösen talaplaryna görä bilim we terbiýe berilýär.
Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan giň halkara tejribesine esaslanyp, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýola goýulýan işleri has-da ýygjamlaşdyrýar. Şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagynda öňde durýan möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär. Ýagny halkara okuw merkezleri döredilip, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleri we bilim edaralary gurulýar. Olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar, şol sanda internet we elektron kitaphanalara elýeterlilik gowulandyrylýar.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary bilen birlikde, bilim ulgamynyň işgärleriniň-de maddy taýdan üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa bilim işgärlerini ýaşlara ýokary derejede bilim-sowat bermekde, ylma-bilime höweslendirmekde, olary halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bilim ulgamyndaky bu binýatlyk özgertmeler biziň bagtyýar ertirlerimiziň badalgasydyr.
Rahat SEÝIDOWA,
Çärjew etrabyndaky 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.