2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dürli ugurlary maslahatlaşdylar. Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, sebitdeki we halkara gün tertibindäki birnäçe möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar we geljekde hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny kesgitlediler.
Şeýle hem, diplomatlar “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmegi, syýasy we işewür gatnaşyklary ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, energetika we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesinde, “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitleýän Jemleýji resminama gol çekildi.
Hojageldi AMANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalar
institutynyň Demir ýol fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.