Mandarin balygy ( Synchiropus splendidus ) – Ýuwaş ummanyň gaýalarynda ýaşaýan , “Callionymidae” maşgalasyna degişli kiçijik, açyk reňkli bezeg balygydyr. Ýuwaş ummanyň gaýalaryndan başga-da Awstraliýa, Indoneziýa we Filippinleriň kenarlarynda duş gelýär.Dürli reňkleri özünde jemleýän bu ajaýyp balyk ilkinji gezek 1927-nji ýylda Filippinlerde işleýän Amerikaly ihtiolog Albert William Herre tarapyndan Callionymus splendidus hökmünde suratlandyryldy.
Mandarin balygynyň uzyn göwresi bar. Kellesi gaty hereketli we hemme tarapa aýlanýan uly gözleri ýerleşdirilendir. Guýrugy uzyn hem-de ýalpyldawuk häsiýete eýedir. Balygyň tutuş bedeni açyk gök nagyşlar bilen özüne çekiji gyzyl-goňur reňkler bilen çekilen surata meňzeşdir.
Mandarin balygy merjen gaýalarynda bir topar bolup ýaşamagy halaýan örän işjeň we tygşytly balykdyr. Esasan gaýalaryň we merjenleriň töwereginde çalt ýüzmek bilen tutýan ownuk balyklaryny, suwotularyny we planktonlaryny iýýär. Mandarin balygy derisindäki ýörite pigmentleriň kömegi bilen reňkini daşky gurşawyna uýgunlaşdyrmak ukyby bilen hem bellidir.
Ajaýyp balyk owadanlygy sebäpli iň meşhur akwariofil balygydyr. Bu balyklary akwariumda saklamak maslahat berilýär, sebäbi olar üýtgeşik ekzotiki görnüş hasaplanýar. Mandarin balygyny saklamak üçin, balyga azyndan 300 litr göwrümli akwarium gerek.Akwarium bu balyklaryň tebigy ýaşaýyş şertlerini mümkin boldugyça ýeňilleşdirmek üçin enjamlaşdyrylan bolmaly.Temperatura 24 - 27 ° C, turşulyk derejesi pH 8.1-8.4 deňdir. Bu ajaýyp balyklary akwariumlarda ýetişdirmek bilen otagymyzyň owadanlygyna owadanlyk goşýarys!
Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyñ eýesi