Aşgabad şäherinde, Türkmenistanyň “Visa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.
Forumda maliýe tehnologiýalary ulgamynda gazanylan üstünlikler, bank ulgamyny sanlylaşdyrmagyň geljegi we töleg amallarynyň howpsuzlygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly töleg boýunça öňdebaryjy bilermenler, halkara töleg ulgamyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýetini dile getirdiler. “Visa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan “Milli Visa” töleg kartyna aýratyn üns berildi. Bu kartlar, nagt däl amallar, uzak aralykdan töleg geçirme, elektron söwda ýaly döwrebap çözgütleri hödürlemek bilen, “VSDC” tehnologiýalaryny ulanyp, pul geçirimleriniň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 500 müňe golaý kart ulanyjysyna hyzmat edýär. Şeýlelikde, bank arkaly amala aşyrylýan töleg amallarynyň 58 göterimi nagt däl görnüşde ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň “Visa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 1994-nji ýyldan, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Visa International” halkara töleg ulgamynyň agzasy bolan döwründen başlaýar. Bu ädim ýurduň maliýe ulgamyna goşulyşmagyna täze mümkinçilikler açdy. 2016-njy ýylda “Halk bank” we “Senagat bank” banklary kompaniýanyň taslamalaryna goşuldy. 2019-njy ýylda “Visa” kartlarynyň çykarylyp başlanmagy, ýurduň nagt däl hasaplaşyklara geçişini çaltlandyrdy.
Nedir AGAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.