Bilşimiz ýaly, tebigat bilen bagly meseleler häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde saklanylýar. 2024-nji ýylyň 11 ― 23-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň («COP29») düýp mazmuny hem ekologik durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdyr. Oňa türkmen wekiliýetiniň hem gatnaşmagy şu ýylymyzyň taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy.
BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girdi. Ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr.
Häzirki wagtda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty her ýyl geçirilýär. Onuň 2022-nji ýylyň 7 — 18-nji noýabry aralygynda 27-nji halkara maslahaty «COP27» Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde şäherinde geçirilipdi. «COP28» bolsa 2023-nji ýylyň 30-njy noýabr — 12-nji dekabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirildi.
Şu gezekki sammitde Azerbaýjanyň paýtagty Türkmenistanyň wekiliýetini goşmak bilen, 70 müňe golaý daşary ýurtly myhmany kabul etdi. «COP29» maslahatynyň 11-nji noýabrda Baku olimpiýa stadionynda resmi açylyş dabarasy, 12-13-nji noýabrda howanyň täsiri babatyndaky hereketine bagyşlanan mejlisi geçirildi. Oňa BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna girýän 80 töweregi döwlet we hökümet baştutany gatnaşdy.
«COP29» maslahatynyň maksatnamasyna howa degişli gün tertibiniň dürli jähetlerini öz içine alýan köp sanly çäre: «ýaşyl» maliýeleşdirme, uýgunlaşma, netijeleriň zyýanyny azaltma we tehnologiýalar, şeýle hem birnäçe degişli mowzuklar girizildi. Maslahatyň Gök zolagynda resmi gepleşikler geçirilip, möhüm kararlar kabul edildi. Ýaşyl zolak bolsa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dürli sergileriň, maslahatlaryň we medeni çäreleriň geçirilen ýeri boldy.
«COP29» maslahatynyň Ýaşyl zolagyndaky maslahatlar we mejlisler suw ýetmezçiligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda innowasiýalar ýaly sebite mahsus howa meselelerine bagyşlandy. Seredilen esasy meseleler tebigaty we biodürlüligi, ummanyň ekosistemasyny, gorlary gorap saklamagy, aýry-aýry şahslaryň we jemgyýetleriň işini güýçlendirmegi, durnukly geljegi, adamzat üçin jogapkärçiligi öz içine aldy.
Şeýlelikde, «COP29» sammiti dünýä jemgyýetçiliginiň soňky onýyllyklarda tutuş adamzat üçin derwaýys bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseläni bilelikde çözmegiň, bu wehime garşy syýasy we ykdysady çäreleri ylalaşykly durmuşa geçirmegiň zerurdygyna düşünýändigini nobatdaky gezek görkezdi.
Jumamuhammet SÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.