2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen möhüm duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň prorektorlary gatnaşdylar.
Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde Sent-Endryus uniwersitetiniň ýokary bilim boýunça hünärmeni Professor Filippo Kosta Buranelli, Ka’ Foskari uniwersitetiniň bilermeni Professor Karlo Frappi, Milanyň Bikokka uniwersitetiniň energiýa geçişi boýunça hünärmeni Professor Silwana Stefani, Bolon uniwersitetiniň suw serişdeleri boýunça hünärmeni Professor Andrea Zinzani, Italiýanyň Milli Saglyk institutynyň eksperti Dr. Enriko Wesketti ýaly öňdebaryjy hünärmenler bardy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini giňeltmäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Italiýanyň wekilleri Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýetini nygtap, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 29-njy maýynda geçirilen "Italiýa – Merkezi Aziýa" üçünji ministrler maslahatynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy ugurlar aşakdakylar boldy:
Taraplar bilim we ylmy barlaglaryň durnukly ösüşiň esasy binýady bolup durýandygyny nygtadylar. Duşuşygyň jeminde taraplar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Hyzmatdaşlygyň bu täze basgançagy, sebitde innowasiýa, tehnologiki ösüş we medeni alyşmalary güýçlendirmäge mümkinçilik döreder.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi
Gözel DURDALYÝEWA, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Şekillendiriş sungaty muzeýi, Muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş
we saklaýyş bölüminiñ kiçi ylmy işgäri.