Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Kalby ylhamly ýaşlar
  29.11.2024
160
Kalby ylhamly ýaşlar

Ýaş nesiller hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň bagtyýarlygyny, nurana geljegini üpjün etmek babatda edilýän işleri durmuşa geçirilýän taryhy tutumlaryň ählisinde hem görmek bolýar.

 

Mälim bolşy ýaly, watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylmagy uly ähmiýete eýedir.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýär.

 

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Geçen ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gunça SAPAROWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.