2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda söwda dolanyşygy 5,9% artyp, 1,3 milliard dollara ýetdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli, BAE-niň Milli güni mynasybetli geçirilen dabarada habar berdi. İlçiniň sözlerine görä, BAE häzirki wagtda Türkmenistan üçin dörtünji esasy söwda hyzmatdaşydyr. Iki ýurt geljekde söwda dolanyşygyny iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berdi.
BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary, oňyn netijeleri we döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen işjeň gepleşikleriň miwesi hökmünde häzirlikçe tapawutlanýar, diýip Ahmed Alhaý Al-Hameli belläp geçdi.
Şeýle hem, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda söwda dolanyşygy 1,29 milliard dollara ýetip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15,8% ýokarlandy. Türkmenistanyň Emirliklere eksporty 13,3%, BAE-den importy bolsa 16,2% artdy.
Mekan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.