Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy
  22.11.2024
113
Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy

Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz synmaz ornuny tapýar.

 

Ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň konstitusion derejede üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, medeni-ynsanperwer ýörelgelere, halal zähmete bolan söýgini ösdürýär. Döredijilikli halal zähmet adam — jemgyýet — döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» netijeli hereket etmegi giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde, kämil ýaşlaryň kemala gelmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyza mynasyp, halkymyzyň eşretli durmuşyny bagtly ertirlere alyp gitjek, ýurduň bagtly geljegini gurmakda jogapkärçiligi duýup, öňe sary hereket edip biljek, hukuk medeniýeti kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde kanuny binýadyň pugta bolmagy zerur. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny we wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny we tärlerini kesgitlemek bilen raýatlaryň hukuklarynyň, erkinliginiň hem-de goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çärelerini durmuşa ornaşdyrmakda ýurdumyzyň prokuratura edaralary tarapyndan degişli işler üstünlikli  alnyp barylýar.

 

Bir-biriniň üstüni ýetirýän bu sazlaşykly işleriň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň parlak geljegini şu günden gurmak baradaky asylly maksatlaryň amala aşýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerimizi aýdýarys.

 

Suhanberdi SOLTANOW,
Sarahs etrap kazyýetiniň kanselýariýa müdiri.