Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ösmeginde, özgermeginde ýaşlara has uly ynam bildirip: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip belleýär. Şeýle parasatly sözleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzda 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. Gurama dürli ugurlardan ukyp-başarnygy bolan ýaşlary özünde jemläp, zehinli, ukyp-başarnykkly ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly at bilen sylaglaýar.
Däp bolşy ýaly, bu abraýly baýrak ýurdumyzyň zehinli, päk zähmeti baýdak edinýän, ähli işde görelde görkezýän ýaşlaryna ýylyň-ýylyna gowşurylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 506-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenilip, olardan 135-si bu arzyly baýragyň eýesi diýlip yglan edildi.
Şeýle ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplarynyň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýangyn-tehniki fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ahunjan Babaýewiň, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Akmuhammet Temirowyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar degişli şahadatnama, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
― Bu baýrak diňe bir biziň üstünligimiz däl, eýsem, tutuş Watan goragçylarynyň gazanan üstünligidir. Çünki, hususan-da, biz ― watançy ýaşlaryň şeýle sepgitlere ýetmegi watançylyk mekdebiniň yzygiderli dowam edýänliginden habar berýär. Şeýle ajaýyp, tolgundyryjy waka biziň kalbymyzda Watanymyza, il-günümize, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan guwanç, buýsanç duýgularymyzy goşalandyrýar ― diýip, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyndan Ýaşlar baýragyna eýe bolan ýaşlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.
Laçyn ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.