logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Welosiped sürmegiň saglyga peýdasy
  21.04.2021
836
Welosiped sürmegiň saglyga peýdasy

       Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi bilen sportuň welosiped görnüşi eziz Diýarymyzda giňden ýaýbaňlandyryldy. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän we bedenterbiýe hereketine ygrarly bolan ildeşlerimiziň gatnaşmagynda ata-Watanymyzda köpçülikleýin welosipedli ýöriş giň gerim alýar. “Aşgabat” köpugurly stadionynda welosiped söýüjileriň 3 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen okuwyň Welosiped sporty boýunça köpçülikleýin sapak hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi welosportuň ýurdumyzda täze sepgitlere ýetýändiginden habar berýär. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordunyň täzelenmegi hem sportuň bu görnüşiniň halkymyzda uly gyzyklanma eýedigine güwä geçýär. Welosport sportuň beýleki görnüşleri ýaly, adamyň hereketini işjeňleşdirýär, dem alyş, daýanç-hereket ediş ulgamyny berkidýär.

      Welosportuň adam bedenine täsiri barada aýdanymyzda, ol ýürek-damar ulgamynyň işjeňligini we gan aýlanşygyny gowulandyrýar. Munda türgenleşik sapaklarynyň sany näçe artdyrylsa, ýüregiň işjeňligi şonça-da ýokarlanýar. Iş otagynda oturyp işleýän adamlaryň ýüreginiň işjeňligi bilen deňeşdirilende, welosportçynyň ýüreginiň ýygrylyşy we damarlara gany iterişi ýokarydyr. Şonuň üçin ýüregiň bir minitdaky ýygrylyp-ýazylmasynyň sany türgenleşik geçmeýän adamlarda az bolýar. Welosiped sürülýän wagtynda diafragma işjeňleşýär. Çuňňur dem almaga hem-de öýkene barýan kislorodyň göwrüminiň artmagyna ýardam edýär, dem alyş ulgamyny gowulandyrýar. Netijede, nerw ulgamy durnukly bolýar. Bedeniň syratly bolmagyna ýardam edýär we keselleriň öňüni alýar. Welosiped bedeniň myşsalarynyň gereginden artyk ösmeginden we artyk ýag toplanmasyndan halas edýär, gan aýlanyşygy bilen bagly keseller azalýar. Şeýle hem ýiti respirator, dürli ýokanç kesellere garşy bedeniň göreşijiligini ýokarlandyrýar. Arassa howada, seýilgählerde welosipedli gezim etmek peýdalydyr. Yzly-yzyna gaýtalanýan hereket myşsalar üçin peýdaly bolup, bedeniň immun ulgamyny berkidýär, saglygy gowulandyrýar. Adam welosipedli barýan wagtynda ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmelidir, öz howpsuzlygy üçin niýetlenen eşikleri geýmelidir.