Täze pikir — ösüşiň çeşmesidir. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi innowasiýalara, sanly tehnologiýalara we ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerine esaslanýar. Türkmenistan hem bu ugurda ýaş nesliň zehinini açmak, olaryň ylmy-tehniki başarnyklaryny ösdürmek we sanly ykdysadyýete goşant goşmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda amala aşyrylýan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” ýaşlaryň IT ulgamyndaky gatnaşygyny artdyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlary öz içine alýar.
Bu maksatnama esasynda ýurduň ähli künjeklerinde sanly okuw merkezleri, kompýuter labaratoriýalary we IT meýdançalary döredilýär. Şeýlelikde, ýaşlar häzirki zaman maglumat tehnologiýalary bilen işlemek, kod ýazmak, algoritmleri döretmek we kiberhowpsuzlyk boýunça amaly tejribe toplamak mümkinçiliklerine eýe bolýarlar.
Ýaşlaryň IT mümkinçilikleriniň giňelmeginde startaplary we innowasion bäsleşikleri gurnamak möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanda soňky ýyllarda “Sanly çözgüt – 2025”, “Türkmenistanda ýaşlar we innowasiýa”, “Türkmenistanyň ýaşlarynyň IT forumy” ýaly halkara derejesindäki çäreler yzygiderli geçirilýär.
Bu çärelerde ýaşlar tarapyndan döredilen mobil programmalaryň, web platformalaryň, emeli aňly çözgütleriň we robot tehnologiýalarynyň onlarçasy hödürlenýär. Käbir taslamalar ýurdumyzda hyzmat ulgamynda we bilim pudagynda üstünlikli ornaşdyrylýar.
Innowasiýa ukyplarynyň ösdürilmeginde bilim ulgamy möhüm orny eýeleýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde “Maglumat tehnologiýalary”, “Emeli aň”, “Kiberhowpsuzlyk”, ýaly täze ugurlar açyldy. Talyp ýaşlara amaly tejribe bermek maksady bilen sanly okuw meýdançalary, akademiki platformalar we onlaýn tejribe sapaklary gurnalýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň we hususy IT kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaşlara halkara tejribäni öwrenmäge, bilelikdäki taslamalarda çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk ýaşlaryň global tehnologiýa bazaryna çykmagynyň ýoluny açýar.
Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň esasy ugruny sanlylaşdyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de bilim ulgamyny döwrebap derejä çykarmak düzýär. Şu ugurdan ugur alyp, Türkmenistanyň Innowasiýa Maglumat Merkezi ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly özgertmeleriň möhüm baglanyşygyna öwrüldi.
Merkeziň alyp barýan işleri ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň” maksatlaryna laýyklykda durmuşa geçirilýär.
Innowasiýa Maglumat Merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda, orta hünär okuw mekdeplerinde we orta bilim edaralarynda okatmagyň häzirki zaman usullaryny girizmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.
Merkeziň esasy maksady – mugallymlaryň, hünärmenleriň hem-de ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalar boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak, okatmagyň milli aýratynlyklaryny saklamak bilen birlikde, halkara standartlaryna laýyk sanly okuw gurşawyny döretmekden ybaratdyr.
Okuw kurslary arkaly mugallymlar häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryny, interaktiw synp serişdelerini, elektron bilim platformalaryny hem-de sanly aragatnaşyk serişdelerini netijeli ulanmagy öwrenýärler.
Innowasiýa Maglumat Merkezinde diňleýjilere ähli amatlyklar döredilýär.
Okuwlar dürli wagt arabalyklarynda – irdenki, öýlänki we agşamky sapaklarda gurnalyp, diňleýjilere öz mümkinçiliklerine görä bilim almak üçin amatly şertler döredilýär.
Her bir okuw tapgyry praktiki tejribä esaslanýar. Mugallymlar diňleýjilere innowasion tehnologiýalaryň ulanylşyny, elektron maglumat bazalarynyň döredilishini, sanly maglumatlary dolandyrmagyň esaslaryny öwredýärler.
Merkeziň okuw maksatnamalary döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilip, halkara bilim tejribeleri bilen utgaşdyrylýar. Merkeziň işiniň möhüm bölegi hökmünde okuwçylaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, ýaşlaryň zehinini ösdürmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek işleri alnyp barylýar.
Okuw döwründe dürli bäsleşikler, döredijilik çäreleri we medeni agşamlar yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler diňleýjileriň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň aragatnaşyk we toparlaýyn iş ukyplaryny ösdürmäge-de mümkinçilik berýär.
IT ekosistemasynda ýaşlaryň orny. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly hyzmatlar, elektron söwda, maglumat howpsuzlygy, emeli aň we bulut hasaplaýyş ulgamlary boýunça täze ugurlar peýda bolýar. Bu ulgamda ýaşlar diňe ulanyjy hökmünde däl, eýsem dörediji hökmünde çykyş edýärler.
Mysal üçin, ýaş programmistler tarapyndan işlenip düzülen mobil programmalar jemgyýetçilik hyzmatlarynda, bilim ulgamynda, ulag-logistika we elektron söwda platformalarynda üstünlikli ulanylýar.
Innowasiýa meýdany — ýaşlygyň döredijiligi bilen başlaýar. Türkmenistanda ýaşlaryň IT mümkinçilikleriniň giňelmegi diňe ykdysady ösüşe däl, eýsem jemgyýetiň sanly medeniýetiniň kemala gelmegine hem itergi berýär. Täze pikirleri goldamak, ýaş zehinleriň IT başlangyçlaryny ösdürmek — ýurdumyzyň sanly ösüşiniň we tehnologiýa garaşsyzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Geljekde Türkmenistanyň ýaşlary täze platformalary, emeli aňly ulgamlary we milli programma üpjünçiligini döretmek arkaly dünýäniň sanly kartasynda öz ornuny has-da berkider.
Rejep Işanow,
Yhlasmyrat Nurberdiýew,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary.