logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Society /Hemişelik Bitaraplyk — dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgesi
  03.11.2025
775
Hemişelik Bitaraplyk — dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgesi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz beýik baýramlara, üstünliklere beslenýär. Bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Bu senäniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary derejesini görkezýär.


Bitaraplyk — diňe syýasy ýörelge däl, eýsem türkmen halkynyň ruhy-ynsanperwer däpleriniň dowamatydyr. Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda parahatçylyk, hoşniýetlilik we özara hormat ýörelgelerini ileri tutup, dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprüsi hökmünde tanalýar.


2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň 69-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa 193 ýurduň goldaw bermegi bilen kabul edildi. 2024-nji ýylda — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda — şol rezolýusiýa üçünji gezek biragyzdan kabul edilip, ýurdumyza halkara derejesinde täze abraý getirdi.


Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde hemişelik Bitaraplygyň döwlet gurluşyndaky, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ulgamyndaky orny ylmy taýdan seljerilýär. Bu kitapda bitaraplygyň diňe syýasy hukuk derejesi hökmünde däl, eýsem halkyň ruhy baýlygynyň, parahat ýaşaýyş ýörelgesiniň beýany hökmünde ähmiýeti beýan edilýär.


Bu gün hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň ösüş ýolunyň berk binýadyna öwrüldi. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan bu ýörelge halkara giňişlikde durnukly ösüşi, parahatçylykly hyzmatdaşlygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan başlangyçlary — «Parahatçylyk ugrunda diplomatiýa», «Suwa çenli hyzmatdaşlyk», «Energiýa howpsuzlygy» ýaly teklipler dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar.


Hemişelik Bitaraplyk — diňe bir syýasat däl, eýsem türkmen halkynyň dünýägaraýşynyň, dost-doganlyk we hoşniýetlilik ýörelgesiniň beýik nusgasydyr.
Bu beýik ýörelgäniň 30 ýyllygy ýurdumyzyň ösüş ýolunda täze taryhy sahypa açýar.

Gülbagyt HÖWEZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.