logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi
  31.10.2025
579
Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Çärä Ş.Ýesenow adyndaky Hazar tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetiniň talyp ýaşlary, Mangystau welaýatynda ýaşaýan türkmen raýatlary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň konsuly M.Abdyllaýew çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň uly üstünligiň biri bolup durýandygyny nygtady. Bitaraplygyň soňky otuz ýylda milli syýasatymyzyň, dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklarymyzyň we sebitleýin durnuklylygy üpjün etmekdäki işjeňligimiziň möhüm bölegine öwrülendigi aýratyn bellenildi.

 

Çäräniň çykyşlarynda ýurduň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ösüşiniň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekdäki ornuna üns berildi.

 

Dabarada ýakymly we dostlukly ýagdaý emele geldi. Myhmanlara türkmen halkynyň myhmansöýerlik dessurlaryndan nyşan edýän milli tagamlar hödürlenildi.

 

Bu duşuşyk türkmen halkynyň döwletara gatnaşyklarynda parahatçylygy, ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylygy berkitmäge bolan tagallalarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

 

Yklym Ataýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.