logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Durnukly ýaşaýyşy ösdürmek – Türkmenistanyň baş konsepsiýasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
  29.10.2025
573
“Durnukly ýaşaýyşy ösdürmek – Türkmenistanyň baş konsepsiýasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň gurnamagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji — “Durnukly şäherler we ilatly ýerler” atly maksadyna laýyklykda guraldy.

 

Bu çärede professor-mugallymlar, ylmy işgärler hem-de talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp, häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolan durnukly ösüş, şäherleriň ekologiýa taýdan arassa we amatly ýaşamaga mümkinçilik berýän infrastrukturasynyň kemala gelmegi, ýaşlaryň bu ugurdaky orny ýaly meseleler boýunça çykyş etdiler.

 

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde durnukly ýaşaýyş gurşawyny üpjün etmegiň, ekologik howpsuzlygyň, sanly tehnologiýalaryň orny we kiberhowpsuzlyk bilen baglanyşykly çözgütleriň ähmiýeti giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen paýlaşyp, ýaş alymlara hem-de talyplara täze ylmy pikirleri hödürlediler. Şeýle hem gatnaşyjylar durnukly ösüşiň ýurdumyzyň geljekki ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellediler.

 

Bu çäre ýaşlara ylmy-düşünje taýdan öz bilim derejesini ýokarlandyrmak, täze pikirleri paýlaşmak we ýurdumyzyň durnukly ösüşine goşant goşmak üçin giň mümkinçilik berdi.

 

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.