logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  18.10.2025
695
Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Daşkentde ýerleşýän Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistanyň Milli uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň “Aşyk bolmuşam” atly goşgular kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly halkara maslahat bilen utgaşyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde guraldy.

 

Maslahata we dabaralara Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy, Özbegistanyň dürli döwlet guramalarynyň wekilleri, Magtymgulyşynas alymlar, medeniýet işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.

 

Türkmenistanyň Ilçisi Şadurdy Meredow çykyşynda Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik baradaky pikirleriniň häzirki zaman türkmen syýasatynyň esasy ýörelgelerine laýyk gelýändigini belledi. Şeýle hem, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda bu pikirleriň giňden beýan edilýändigini nygtady.

 

Çykyş edenler Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, onuň “Aşyk bolmuşam” ýaly şygyrlarynyň bolsa ruhy täsir we pelsepe taýdan ähmiýetiniň örän beýikdigini bellediler. Şeýle-de bu edebi mirasyň türkmen-özbek arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat edýändigi aýratyn nygtaldy.

 

Kerimmyrat DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.