logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi
  22.10.2025
608
Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň «Geneva Center for Neutrality» (GCN) hem-de «Greater Caspian Association» (GCA) bilen bilelikde gurnamagynda halkara forum geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berilýär.

 

Foruma 300-den gowrak gatnaşyjy — diplomatlar, syýasatçylar, halkara guramalaryň wekilleri, Ženewada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

 

Maslahat häzirki döwrüň ählumumy wehimleriniň şertlerinde strategiki çemeleşme hökmünde bitaraplyk syýasatynyň orny barada pikir alyşmak üçin giň halkara meýdança öwrüldi.

 

Forumyň esasy çykyşçysy hökmünde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa çykyş etdi.

 

Forumyň maksatnamasy üç esasy ugur boýunça guramaçylyk edildi:

 

«Häzirki dünýäde bitaraplyk – durnuklylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça diplomatik çemeleşmeler»,

 

«Bitaraplygyň ykdysady ölçegi – onuň maýa goýum gurşawyny döretmekdäki orny»,

 

«Bitaraplyk we tehnologiýalar – emeli aňy düzgünleşdirmek we sanly howpsuzlyk»,

 

Çärä gatnaşyjylar bitaraplygyň häzirki zaman dünýä syýasatynda durnukly ösüşi, halkara dialogy hem-de ynanyşmagy üpjün edýän möhüm gural hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

 

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.