Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ CIET 2025 iri kompaniýalary bir ýere jemlär ✦ ✦ Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Seulda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Milli manat — ykdysadyýetiň nyşany ✦ ✦ Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Bitaraplyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr ✦ ✦ Rimde türkmen önümleriniň sergisi geçirildi ✦ ✦ “Durnukly ýaşaýyşy ösdürmek – Türkmenistanyň baş konsepsiýasy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Brýusselde geçirilen “Dünýä syýahatçylyk forumy – 2025”e gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen-italýan işewürlik maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /CIET 2025 iri kompaniýalary bir ýere jemlär
  31.10.2025
39
CIET 2025 iri kompaniýalary bir ýere jemlär

2025-nji ýylyň 3–4-nji noýabrynda Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Akylly gurluşyk. Arassa energiýa. Durnukly geljek» şygary astynda Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek meselelerine bagyşlanan giň gerimli halkara maslahat we sergi geçiriler. Bu çäre Merkezi Aziýanyň ykdysady-senagat gün tertibindäki esasy üstünlikli forumlaryň biri hökmünde tanalyp, dünýäniň 56 ýurdunyň wekillerini bir ýere jemlär. Oňa ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary, iri transmilli kompaniýalar, halkara maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar. Bellige alyş işi tamamlandy, gatnaşjak wekilleriň sany 800-den geçdi.

 

Maslahat, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ulgama geçişi çaltlandyrmak, önümçiligi kämilleşdirmek we arassa energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň wajyp tapgyry hökmünde çykyş edýär. Esasy üns gurluşyk we senagat ulgamlarynda akylly tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmaga, energiýanyň netijeli we ekologiýa taýdan arassa çeşmelerini giňeltmäge, şeýle hem durnukly ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdiriler. Forumda energiýa netijeliligi, dekarbonizasiýa, sanly önümçilik, ýaşyl maliýeleşdiriş, döwlete degişli we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Maksatnama plenar mejlisleri, panel görnüşli çekişmeleri, ýurdumyzyň ösüşleriniň sergisini, halkara derejeli işewür duşuşyklaryny we beýleki gurluşyk-energetika ugurlary boýunça amaly gepleşikleri öz içine alýar. Forumda çykyş etjek halkara myhmanlarynyň arasynda «Çalik Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalik, «Rönesans Holding»-iň başlygy Erman Iliçak, «Bitdeer Technologies Group»-yň hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça ýolbaşçysy Husame Naimi hem-de «DAMAC» kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek boýunça menejeri Mohammed Berregad bar. Olaryň çykyşlary ýaşyl tehnologiýalar, emeli aňyň önümçilik ulgamlarynda ulanylyşy, sanly çözgütleriň senagat ösüşine täsiri we sebitara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly mowzuklary öz içine alar.

 

Bu ýylky «CIET 2025» maslahatyna ilkinji gezek gatnaşýan «Bitdeer Technologies Group» we «DAMAC» ýaly iri kompaniýalaryň gelmegi, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklaryna halkara işewürliginiň artýan gyzyklanmasynyň subutnamasy bolup çykyş edýär. Forum türkmen kärhanalaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga, bilelikde taslamalary durmuşa geçirmäge, täze tehnologiýalar we sanly çözgütler boýunça tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu çäre ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge we ykdysady ösüşiň innowasion ugruny berkitmäge hyzmat eder.

 

Bäşim GURBANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.