XXI asyryň maglumat jemgyýeti sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady we dolandyryş gurluşlarynyň döwri hökmünde tapawutlanýar. Şol tehnologiýalaryň arasynda bulut hasaplaýyş ulgamy (Cloud Computing) dünýäniň ähli ýurtlarynda maglumatlary saklamak, işlemek we paýlaşmak boýunça iň netijeli çözgütleriň biridir. Bulut tehnologiýasy — ulanyjylara maglumatlary ýerli enjamda däl-de, uzakdaky serwerlerde saklap, internet arkaly islendik ýerden ygtybarly peýdalanmaga mümkinçilik berýän döwrebap ulgamdyr.
Bulut hasaplaýyşyň ähmiýeti we esasy ýörelgeleri. Bulut tehnologiýasy maglumatlary dolandyrmakda we elektron hyzmatlary ýola goýmakda birnäçe artykmaçlygy üpjün edýär. Esasan-da:
Bu aýratynlyklar bulut hasaplaýyş ulgamyny häzirki zaman ykdysadyýetiň, elektron hökümetiň we bilim ulgamynyň möhüm düzümi edip görkezýär.
Bulut hasaplaýyş ulgamynyň pudaklaýyn peýdalanylyşy. Bulut ulgamlary diňe döwlet dolandyryşynda däl, eýsem dürli ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarda giňden ulanylýar:
1. Bilim ulgamynda:
Sanly okuw platformalary, wirtual laboratoriýalar we onlaýn kitap fondlary bulut tehnologiýalary arkaly hyzmat edýär. Mugallymlar we talyplar maglumatlary paýlaşyp, uzak aralykdan okuw sapaklaryny alyp barýarlar. Bu ýagdaý maglumatlara elýeterliligi giňeldýär, bilim alyş-berişini çaltlaşdyrýar.
2. Saglygy goraýyş ulgamynda:
Bulut ulgamlary arkaly lukmançylyk maglumatlary bir platformada saklanylýar. Lukmanlar näsaglaryň ýagdaýyna degişli maglumatlara islendik saglyk merkezinden girmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şeýlelikde, diagnoz goýmak we bejeriş işlerini utgaşdyrmak has ýeňilleşýär.
3. Maliýe we bank ulgamynda:
Banklar bulut platformalarynyň üsti bilen müşderi maglumatlaryny ygtybarly dolandyrýarlar, töleg amallaryny awtomatlaşdyrýarlar. Elektron söwda ulgamynda hem bulut serwerleri arkaly maglumatlaryň tiz we ygtybarly alyş-çalyşy üpjün edilýär.
4. Hususy IT sektorynda:
Startaplar we telekommunikasiýa kompaniýalary üçin bulut ulgamlary täze mümkinçilikler döredýär. Az maýa goýmak bilen ýokary öndürijilikli serwer kuwwatyny ulanmak mümkinçiligi täze innowasion hyzmatlary ýola goýmaga ýardam berýär.
Bulut hasaplaýyş tehnologiýalary dünýä ýüzünde şol sanda Türkmenistanyň sanly özgertmeleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ulgam maglumatlary ygtybarly saklamak, elektron hyzmatlary çaltlaşdyrmak we maglumat tygşytlylygyny üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň IT infrastrukturasynda täze eýýamy açýar.
Oguzhan Annageldiýew,
Nepesdurdy Amannepesow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary.