logo

Latest news:
✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦
Home / Economics /Milli manat — ykdysadyýetiň nyşany
  30.10.2025
478
Milli manat — ykdysadyýetiň nyşany

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm wakalara baýdyr. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen bir hatarda, şu ýyl ýurdumyzyň milli pul birliginiň — türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy hem giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli manat döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň we durnukly ösüşiniň nyşany hökmünde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.

 

Pul islendik ýurduň ykdysady ulgamynyň möhüm bölegi hasaplanýar. Taryha nazar aýlanyňda, pul alyş-çalyş gatnaşyklarynyň taryhy ösüşiniň netijesinde döräpdir. Halklaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegi bilen pul serişdeleri dürli görnüşlerde peýdalanylyp ugrapdyr. Wagtyň geçmegi bilen pul düşünjesi-de kämilleşip, häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyklar, bank kartlary, elektron pullar we sanly gapjyklary öz içine alýan döwrebap ulgam emele geldi.

 

Häzirki wagtda türkmen manady milli ykdysady ösüşimiziň durnuklylygyny alamatlandyrýan möhüm nyşan hökmünde öz ornuny tapdy. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manat dolanyşyga girizilenden soňra, Türkmenistan ykdysady ösüşde dünýäde ykrar edilen üstünlikleri gazandy. Milli puluň döredilmegi diňe ykdysady taýdan däl, eýsem döwlet garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygyň hem nyşany boldy.

 

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda manadyň dolanyşyga goýberilmegi ýurdumyzda özbaşdak pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýady döretdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan merkezi edaranyň — Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işi kanun esasynda berkidilýär. Bu edaranyň esasy wezipesi nagt pul dolanyşygyny guramak, hasaplaşyk ulgamyny ösdürmek we onuň durnukly işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr.

 

Milli manadymyz bilen bagly kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň pul-karz syýasatynyň netijeliligini artdyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda manadyň ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesidigini hem anyk görkezilýär. Häzirki döwrüň globallaşma şertlerinde daşary ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmak we milli puluň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen degişli kanunçylyk işleri hem dowam etdirilýär. Bu bolsa milli manadymyzyň 32 ýyllygyny belleýän döwrümizde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

 

Laçyn ANNAÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.