logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /ULY ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENEN DABARA
  11.03.2020
872
ULY ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENEN DABARA

      Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde uly şatlyk-şowhuna beslenen dabara bolup geçdi. Dabara eziz diýarymyzyň ösüp gelýän körpeje nesilleriniň arasynda aýratyn zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” ady bilen geçirilýär. Bagtyýar çagalaryň ýerine ýetirýän joşgunly aýdymlaryny, milli tanslaryny hem-de ajaýyp çykyşlaryny öz içine alýan bu döredijilik bäsleşigini geçirmek, indi birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrüldi.

    Gökdepe etrap häkimliginiň, etabyň bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň başda durmagynda geçirilen bäsleşigiň bu gezekgi tapgyry hem örän işjeňligi we şowhunlulygy bilen tapawutlandy. Bäsleşige gatnaşýan bagtyýar nesiller, Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerini, hemişelik Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, mährem enelerimizi, ajaýyp bahar paslyny özleriniň şirin dilleri, ussat döredijilik ukyplary bilen wasp etdiler. Bäsleşige gatnaşýan zehinli çagalaryň şadyýan çykyşlary tomaşaçy körpeleri hem diýseň begendirdi. Çaga göwünleri ajap mukamlar bilen sazlaşan eýjejik tomaşaçylar, her çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

     Dabaranyň dowamynda emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň şertlerine görä, ýeňijiler hem kesgitlenilip, baýrakly orunlara mynasyp bolan bagtyýar çagalara hormat hatlary we ýadygärlik söwgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

      Bäsleşige gatnaşyjylar we mähriban körpeler bu şatlykly dabara üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.