logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
  05.09.2026
269
Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 3-nji sentýabrda Gaaga şäherinde Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-niderland gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi bellenilip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.

 

Şu ugurlardan gelip çykýan sebit hem-de halkara gün tertibiniň ähmiýetli meseleleri boýunçada pikir alyşmalar boldy. Onda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, BMG-niň Tertipnamasyna, şeýle hem halkara meseleleri syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge ygrarlydygyny belledi.

 

Duşuşygyň dowamynda işewürlik gatnaşyklary, ulag-logistika, port infrastrukturasy, oba hojalygy we häzirki zaman agroönümçilik tehnologiýalary, energetika, senagat kooperasiýasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Şunda Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň işewürleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklary ilerletmegiň üstünde aýratyn durlup geçildi.

 

Diplomatik, bilim işgärlerini taýýarlamak ugrundaky işler, ýurdumyzyň hem-de Niderlandlaryň «Klingendal» Halkara gatnaşyklar instituty bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy-da üns merkezinde saklandy. Galyberse-de, Niderlandlar Patyşalygynda atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine taýýarlyk işlerine-de ähmiýet berildi. Niderland tarapy ahalteke bedewlerimize, halkymyzyň baý atçylyk däplerine bagyşlanan giň gerimli halkara çäräniň guralmagy bilen türkmen tarapyny gutlady. Taraplar duşuşygyň ahyrynda türkmen-niderland gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly işleri ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.