logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty
  12.09.2026
9
Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň şanly baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwürde ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň we garaşsyzlygynyň durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe gitmäge binýat bolandygy aýdyň şöhlelenýär. Çünki, Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny uly joşgun we uly dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär. 

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan – bu döwlet biziň ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesini üpjün etmek baradaky müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesine daýanmak, şeýle-de häzirki zaman dünýäsiniň mümkinçiliklerini çuňňur seljermek, onuň iň kämil gazananlaryny kabul edip almak bilen berkidilýändir» diýip jaýdar belleýşine görä, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

 

Garaşsyzlyk: Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň dostluk, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösüşine; dünýäniň ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulmagyna; ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň netijeli goralmagyna; halkara meselelerini çözmegiň oňyn başlangyçlaryny öňe sürmäge; halkara hukugynyň ileri tutulmagyna; döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan adalatly we demokratik halkara ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilen maksatlara ýetmek üçin halkara parahatçylygynyň, ählumumy howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna işjeň, mynasyp goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

 

Miwe AKMYRADOWA,

Mary welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.