logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk
  16.09.2026
251
Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk

Garaşsyzlyk — bu türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda gazanan iň beýik gymmatlyklarynyň biridir. Ol diňe bir döwlet Garaşsyzlygy bolman, eýsem, halkyň azat we erkin ýaşamagynyň, öz ykbalyny öz eli bilen gurmagynyň, milli medeniýetini hem-de dilini dikeltmeginiň berk binýadydyr. 

 

Garaşsyzlyk bize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara  giňişlikde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmaga, parahatçylykly, dostlukly hem-de bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly daşary syýasaty alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ol bizi geçmişiň şanly taryhyna wepaly bolmaga, geljekki beýik maksatlara tarap gitmäge şert döredýär. Her bir zähmet ýeňşi, ylmy-medeni, sport üstünliklerimiz mukaddes Watanymyzyň belende galýandygyny tassyklaýar.

 

Taryhyň sahypalarynda uly yz galdyran Türkmenistan Garaşsyzlygyň beren ruhy güýji we beýik ynamy bilen geljege tarap ynamly öňe barýar. Şeýle mukaddeslikler ýurdumyzy täze ösüşlere, bagtyýar ertirlere sary alyp gider.

 

Bägül SAPARMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.