logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Syýasat /Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler
  06.09.2026
458
Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler

Oktýabr aýynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli birnäçe möhüm çäreler geçiriler. Bu çäreleriň dowamynda zenanlaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny, demografik meseleler, saglygy goraýyş, ekologiýa hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem demografik ösüşiň häzirki ýagdaýyna, bu ugurda ýüze çykýan meseleler we halkara tejribä bagyşlanan halkara maslahat geçiriler.

 

Oktýabr aýynyň 7-sinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde ähli adamlaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçiriler. Şol gün «Awazada» Hazarýaka döwletleriniň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

 

Halkara çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem bar. Bu duşuşyk 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

 

Duşuşyklara we forumlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde degişli ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe guramaçylyk çäreleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

«Awazada» geçiriljek çäreleriň ugurlarynyň köpdürlüligi sebitleýin hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş, saglygy goraýyş, ekologiýa we halkara gatnaşyklar ýaly möhüm meseleleriň bir meýdançada ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döreder.

 

Şeýlelikde, oktýabr aýynda geçiriljek halkara duşuşyklar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara forumlary we ýokary derejeli duşuşyklary geçirmek üçin möhüm meýdança hökmündäki ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti