logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi
  14.09.2026
286
Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň giňişligi» atly ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň, syýasy partiýalaryň agzalary gatnaşdylar.

 

Ilki bilen myhmanlar Ruhyýet köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Onda türkmen halkynyň taryhyna, şu gününe, ösüşlerine degişli gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Amaly-haşam sungatynyň eserleri-de myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

 

Giň gerimli gözden geçiriliş tamamlanandan soňra halkara çäre öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmeniň buýsanjy” atly täze goşgusynyň okalmagy maslahata gatnaşyjylara ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady.

 

Soňra çykyşlara giň orun berlip, olarda Türkmenistanyň ahalteke atlarynyň mekanydygy bellenildi. Şeýle-de ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleriniň ýokary guramaçylyk derejesinden söz açyldy.

 

Çykyşlar tamamlanandan soňra aýdym-sazlar bilen utgaşan dabaraly konsert geçirildi. Aýdym-sazly çäre ahyrlandan soň feýerwerkleriň ajaýyp öwüşgini Arkadag şäheriniň asmanyny bezedi. Şeýle ýokary derejeli maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli guralmagy, abadançylygy berkitmäge, medeni mirasy gorap saklamaga döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.