logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi
  03.09.2026
905
Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi

Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçirdi.

 

Çärä ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary, talyplar, mekdep okuwçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Umumy okuw sapagy iki bölümden ybarat boldy. Ilkinji bölümde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar we döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada gürrüň edildi.

 

Ikinji bölüm ýaşlaryň jemgyýetdäki orny, bilim we hünär taýýarlygy, watançylyk terbiýesi, milli gymmatlyklara hormat goýmak hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirmek ýaly ugurlara bagyşlandy.

 

Gahryman Arkadagymyz çykyşynda häzirki döwürde sanly ulgamyň, emeli aňyň we täze tehnologiýalaryň çalt ösýändigini belläp, ýaşlaryň döwrebap bilimleri ele almagynyň möhümdigini nygtady. Täzeçe pikirlenýän, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünärli ýaşlaryň ýurduň geljekki ösüşinde möhüm orun eýelejekdigi bellenildi.

 

Okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň ulag, energetika we halkara söwda ugurlaryndaky mümkinçilikleri barada hem maglumat berdi. Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Hazarüsti ulag geçelgeleri we Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen bagly taslamalar barada gürrüň edildi.

 

Ýaşlar bilen bagly bölümde «Akylly jemgyýet» konsepsiýasyny ösdürmegiň, bilim we pikir alyşmak merkezlerini döretmegiň, şeýle hem dürli ugurlarda halkara ylym-bilim we ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýeti nygtaldy. Ýaşlaryň ylmy gözleglere, täze başlangyçlara we startap taslamalaryna işjeň gatnaşmagynyň zerurdygy bellenildi.

 

Gahryman Arkadagymyz umumy okuw sapagynda milli taryhymyza we medeni mirasymyza hem aýratyn orun berdi. Jeýtun, Änew, Marguş, Altyndepe we Horezm ýaly gadymy medeni merkezler barada gürrüň edilip, ýaşlaryň öz taryhyny, milli köklerini we halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmeginiň möhümdigi aýdyldy.

 

Şeýle hem maşgalada we bilim edaralarynda berilýän terbiýäniň ähmiýetine üns çekildi. Ene-atalaryň we mugallymlaryň ýaş nesliň edep-terbiýeli, zähmetsöýer, watansöýüji we jogapkärçilikli bolup ýetişmegindäki orny bellenildi.

 

Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda döredilýän mümkinçilikler barada hem maglumat berildi. Şu ýyl Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatda bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň açylandygy, şeýle hem täze orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanmaga berlendigi aýdyldy.

 

Umumy okuw sapagynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlara täze okuw ýylynda üstünlik, berk jan saglyk, saýlap alan hünärlerinde uly netijeler we Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmaklaryny arzuw etdi.